Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Ýurduň geljegi – bagtyýar ýaşalar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkymyzyň, aýratynda ýaş nesilleriň durmuşy özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “ Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa ýaşlara bildirilýän uly ynama şaýatlyk edýär.   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Hormatly Prezidentimiz halkyň diňe şu gününiň däl eýsem, geljeginiň hem ýagty röwşen bolmagy üçin aladalaryny edýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.    Ýaşlar biziň bagtyýar geljegimiz we ertirimiz. Şoňa görä-de ýurdumyzda ýaşlar barada örän uly alada edilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredýän bimöçber tagallalary, uly mümkinçilikleri ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil sowatly bolmaklary, olaryň öz saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ösen döwletlerde ylym iň esasy orny eýeleýär. Diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip aýdan sözlerinden ugur alyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary dünýäniň iň bir ösen ýurtlarynda ylym-bilim alýarlar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar.Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. 

           Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär. 2022-nji ýylyň 19-njy iýulynda Hormatly Prezidentimiziň karary bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ösdürmekde ýokary bilimli, kämil ýaş hünärmenleriň üpjün edilmegine oňyn täsir eder. Ondan başga-da häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň 75 göterimi ýaşlar bolsa, şol kärhanalar “Ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyryp, olara döwlet tarapyndan dürli görnüşdäki ýeňillikler edilýär. Bu bolsa ýaşlaryň döwrebap taslamalar we döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş etmekleri,  dünýäniň telekeçilik tejribesiniň oňyn gazananlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmaklary, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň beýanydyr.         

             “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan taryhy üstünliklerimizde ýaşlarymyza uly orun degişlidir. Bagtyýar ýaşlarymyz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar” diýip Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň diýen sözlerinden ugur alyp, şu ýyl ylymda-bilimde, sportda, medeniýetde, senagatda, oba-hojalygynda ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň Tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny belläp geçmek bolar. 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna  ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Hormatly Prezidentimiz bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenjekdigini bellemegi biz bagtyýar ýaşlaryň başyny göge ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly ýaşlar üçin uly üstünlikler ýyly boldy. Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilip, onda hem ýaş türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallaryň eýeleri bolmagyň hötdesinden geldiler.     Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem ýurdumyzda ösen aň-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde kesgitlenýär. Ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredip berilýän şeýle giň mümkinçilikler we şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. 

Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun alyp barýan il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli ähli döwletli başlangyçlary rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maksat Meredow,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy