Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI YKDYSADYÝETIMIZ DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINDE ORUN ALÝAR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň “AgroPak Türkmenistan-2023” atly türkmen we daşary ýurtly telekeçileriň gatnaşmagynda halkara sergisi dowam edýär. Bilşimiz ýaly serginiň birinji gününde Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşmaklarynda halkara derejeli açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşýanlara bagyşlanan gutlag haty okaldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berlip, netijeli işlemek üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenilýär. “Bu çäreler oba hojalygynda we azyk senagatynda önümçilikleriň netijeliligini artdyrmaga, içerki bazary dürli görnüşli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, şeýle hem bu önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Çünki ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi durmuş ulgamynyň, ilatyň saglygynyň we fiziki işjeňliginiň, ýokary hilli ýaşaýşynyň wajyp esaslaryny emele getirmäge täsirini ýetirýär” diýlip, Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär. Halkara sergide oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzdaky gazanylan üstünlikler görkezilmän eýsem daşary ýurt işewürlik düzümleri hem bu ugurda täze gazanan üstünliklerini görkezdiler. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan, Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we Özbegistandan ýörite wekiller bu sergä gatnaşdylar. Sergä türkmen we daşary ýurtly kompaniýalarynyň, hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň 90-na golaýy gatnaşdylar we öz önümlerini görkezdiler. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Azerbaýjan topary hökmünde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu gatnaşyklar okgunly ösüşi, ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esasy döredýändigi aýratyn nygtaldy. Milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmekde, ýurdumyzyň sebitlerini özgertmekde hem-de dürli ugurly täze senagat önümçiliklerini ýola goýmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde hususy pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän senagat we innowasiýa ösüş ýoluna gönükdirilen strategik tagallalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, hususyýetçilige döredilýän amatlyklar telekeçilerimiziň ynamly gadamlar bilen kämillige tarap öňe gitmegine kuwwatly itergi berýär. Ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ýollary gaýtadan işleýän senagatyň netijeli hereket etmegine gönükdirilýär. Ykdysady ösüşleriň täze nusgasy hökmünde sanly ykdysadyýete geçilmegi netijesinde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi has-da artýar, senagat önümleriniň iň täze görnüşleri dünýä bazaryna çykarylýar, şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümleriň has köp öndürilmegine şertler döreýär. Şeýle täze usullaryň ornaşdyrylmagy ýerli senagat kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň çig mal binýadynyň ýokary derejede gaýtadan işlenmegine, ykdysadyýetiň tehnologik ösüş derejesine doly geçmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýerli bazarlarda, söwda nokatlarynda özümizde öndürilen önümleriň bolçulygyny döretmäge, ýurdumyzda hereket edýän gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny has ýokarlandyrmaga oňaýly täsir edýär. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin hem zerur şertler döredilýär. Şeýle çemeleşmeler bolsa bazar-ykdysady we innowasion önümçiligi çuňlaşdyrmaga gönükdirilen wezipeleriň bähbitli taraplaryny örän aýdyň görkezýär hem-de toplanylan oňyn tejribeler esasynda dürli gurluşyk serişdeleriniň has köp öndürilmegini üpjün edýär. Ajaýyp döwrümizde halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy babatda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Setdar Setdarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy