Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişli menzilleri ynamly külterleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda-da ýurt Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle ýeňişli ýoluň rowaçlanmagynda hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi bazar ykdysadyýetiniň eýeleýän orny ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar. Jemgyýetimizde bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimizde täze, kuwwatly öndürijilik güýjüň kämilligiň ýoly bilen öňe gitmegine ýardam edýär. Telekeçiligiň ösdürilmeginde Mary welaýatynda-da giň göwrümli işleriň bady artýar. Welaýatymyzyň hususyýetçileri harytlaryň we önümleriň bolçulygyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Gurluşyk-gurnama işlerini giň gerimde alyp barýan telekeçileriňem bitirýän işleri rowaç alýar. Telekeçilerimiziň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalary Gahryman Arkadagymyzyň “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gazanasydyr” diýen parasatly sözlerini dolulugyna subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, telekeçileri oba hojalyk önümleriniň öndürilişine çekmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçen mejlisinde “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” kabul edilen Karar bu babatda täze mümkinçilikleri açdy. Bu Karara laýyklykda, welaýatymyzyň telekeçileri hem 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer alyp, ondan oba hojalyk önümleriniň, öňi bilenem, pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny almakda uly tagallalary edýärler. Olar ady agzalan resminama laýyklykda, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny, suw tygşytlaýjy tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin döredilýän ýeňilliklerden peýdalanmaga mümkinçilik aldylar. Şeýlelikde, amatly bank karzlary göz öňünde tutulyp, oba hojalyk önümlerini öndürijilere, şol sanda telekeçilerimize hem zerur şertler döredilýär. Munuň özi eýýäm ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlaryndan netijeli peýdalanyp, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini düýpli ýokarlandyrmaga bähbitli mümkinçilikleri açdy. Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy türkmen ýaşlaryna uly ynamy aňladýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar” diýip belledi. Türkmen ýaşlary özlerine bildirilýän ynamyň jogapkärçiliginden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zähmet üstünliklerine beslemegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de, ýurdumyzda ýaşlar babatynda ençeme işler alnyp barylýar. Ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda beýik başlangyçlar ýola goýulýar. Has takygy, ýurdumyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny hereket edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmagyny aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylmagy üçin gönükdirilen beýik maksatlardyr. Ýaşlar babatynda aladanyň ýokarydygyna, halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ýokarlanýandygyna üstümizdäki ýylyň noýabr aýynyň 16 – 18-i aralygynda gadymy Mary topragynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumy doly şaýatlyk edýär. Forumyň çäklerinde “Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň derwaýys meseleleri” atly işewürlik ertirliginiň guralmagy hem ýaşlar babatynda alnyp barylýan işleriň ýokarydygyny aýan etdi. Geljekde şeýle beýik başlangyjyň durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda döwletler tarapyndan taýsyz tagallalaryň ýola goýuljakdygy, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ýaşlara mundan beýläk-de aýratyn üns beriljekdigi şübhesizdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumynyň ýokary derejede üstünlikli geçendigini, onuň çäklerinde täsirli çäreleriň, duşuşyklaryň guralandygyny aýratyn bellemek gerek. Dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen tejribe hem pikir alyşmaga, olaryň medeniýeti bilen içgin tanyşmaga, dünýä döwletleriniň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň gürrüňi edilýän wezipede öňde goýýan wezipelerini telekeçilerimize düşündirmekde degerli çäreleri geçirýärler. Biz telekeçilerimizi oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi jemlemek maksady bilen wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň üstünliklere beslenmeginde aýgytly ädimdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!
Myratgeldi Annaöwezow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary