Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BITARAPLYK BAGTYMYZ – BAGTYÝARLYK TAGTYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny ösdürmäge, olaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramyny uludan belleýän diýarymyz bu gün milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny uly üstünliklere besleýär. Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkidýär. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler şanly wakalar we baýramlar bilen utgaşyp gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejämiz ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň göwünlerini ganatlandyrýar, ruhuny has hem belentliklere göterýär, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly rowaçlyklary besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz döwlet syýasatymyzyň yranmaz sütünidir, bagtymyzyň gözbaşydyr, abadan ýolumyzyň röwşen çyragydyr. Berkarar Diýarymyzyň nurana sabalary, ýagty ertirlerimiz, mähriban halkymyzyň döwletli-döwranyny nazarlaýan döwletimiziň mukaddes taglymatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer syýasatyny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Bitaraplyk baýramynyň belleniljek günlerinde ak şäherimiz, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde toýlar-toýlara, baýramlar baýramlara beslenilýär. Baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda Sport çärelerine hem uly badalga berilýär. Muňa mysal edip ýaňy-ýakynda mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sportuň “Kuraş” görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Şol çempionatda biziň ildeşlerimiziň üstünlikli çykyş edip, mynasyp orunlary eýeläp, altyn we kümüş medallaryna mynasyp bolmaklary toýlara beslenýän diýarymyzda parahat ýaşaýan halkymyzyň göwün buýsanjyny has-da artdyrdy. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň sagdyn jemgyýetiniň asuda we abadan ýaşamagy ugrundaky ýer ýüzüne nusgalyk aladalary bar. Çünki Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar ýurdumyzda ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, çagajyklarymyzyň ýagty gelejegini kepillendirmek boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary ata Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Eziz Watanymyzyň şanly Bitaraplygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin! Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz döwletimiziň at-abraýy, şan-şöhraty asyrlara ýaň salsyn!

Zerhal Narmamedowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy