Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hususy pudagyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçilige hem döwlet tarapyndan uly üns berilýär hem-de hemmetaraplaýyn goldanylýar. Bu gün türkmen telekeçileri Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle-de ak şäherimiz Aşgabatda düýpli gurluşyk işlerini alyp barýarlar. 

Halkymyz gün-günden gurplanýar, her bir maşgala özbaşyna öýli-ojakly bolmagy arzuw edýär. Arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasynda—döredijilikli täze eýýamymyzda döwlet tarapyndan bu barada düýpli aladalar edilýär. Muňa häzirki günde her bir welaýatda nusgawy etraplaryň döredilýändigi, ähli etrap merkezlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş desgalarynyň, ýollaryň gurulýandygy aýdyň mysaldyr. Şeýle gurluşyklaryň aglabasyny ýurdumyzyň adygan gurluşyk kompaniýalarynyň, hususy hojalyk jemgyýetleriniň alyp barýandygy bolsa bizi aýratyn buýsandyrýar. 

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň esasynda bütinleý diýen ýaly täzeden gurulýan ak şäherimiz Aşgabatda toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň hususy pudagyň gurluşykçylaryna ynanylmagy türkmen telekeçilerini has hem gaýratly we döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Biz mähriban halkymyz üçin paýtagtymyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň gurulýandygyna guwanýarys. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrdakysynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegi özlerine ynanmagy türkmen telekeçileriniň ruhuny has hem galkyndyrdy. Häzirki günde Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan desgalary göreniňde, hususy pudagyň gurluşykçylarynyň bu ynamy ödemek üçin yhlas edýändigine gözüň ýetýär. Bu ýerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda we medeni-durmuş desgalarynda ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik nusgalary Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylýar. Eýýäm boýy ýeten, ak mermere örtülýän biri-birinden kaşaň beýik binalar ýakyn geljekde gurlup, töweregi abadanlaşdyrylyp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna toý sowgady bolup il-ulsumyzyň hyzmatyna berler. Paýtagtlylar birinji gatynda söwda dükanlary göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň, jemagat çäreleri geçirilýän bassyrmalaryň, çagalar we sport çäreleri üçin meýdançalaryň hözirini görerler.    

Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek baradaky başlangyçlarynyň netijesinde ykdysadyýetiň hususy pudagy güýçli depginde ösüp pajarlaýar. Hususy pudaga uly goldaw bermek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzda telekeçilik hemmetaraplaýyn ösüşlere mynasyp bolýar. Ildeşlerimiziň arasynda dürli ugurlardan hünärmenleriň sany artdy, önüm öndürijiler, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýjiler, ýerli çig malyň hasabyna gurluşyk pudagy üçin zerur materiallary taýýarlaýjylar, gurluşykçylar we beýleki hünärmenler köpeldi. Bu bolsa hususyýetçiligiň ýurdumyzyň ösüşlerinde möhüm orunlaryň birini eýelemegine badalga berdi. Bularyň ählisi hem Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, il-ulsumyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyny, türkmenistanlylaryň geljekde has hem bagtyýar durmuşyny üpjün eder.

Häzirki döwürde şäherlerde, obalarda, etraplarda we şäherçelerde hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurýan jaýlarynyň sany köpelýär. Bu gün özüniň gurýan döwrebap bilim edaralary, saglyk ojaklary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary bilen tanalýan hususy gurluşyk kärhanalary daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary bilen bäsleşige ukyplydyklaryny görkezdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan birnäçe hususy kärhanalaryň gurluşykçylary hem ata-babalarymyzdan gelýän gurmak, bina galdyrmak ýaly sogaply ýörelgeleri abraý bilen dowam etdirýärler. Ýerli gurluşyk kärhanalaryna ýaşaýyş jaýlarynyň, ylym-bilim, medeniýet ojaklarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek barha köp ynanylýar. Olaryň tutanýerli, agzybir zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de baş şäherimizde täze döwrebap desgalar bina edilýär. 

Ulus-ilimiziň abadançylygy, ýurdumyzda hususy pudagyň ösüş ýolunda ynamly öňe gitmegi, döwletimiziň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçileriň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylýan ýeňişlere mynasyp goşant goşmagy barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza biziň alkyşymyzyň çägi ýok. Goý, ýurdumyzyň gülläp ösüşleri barada gije-gündiz alada edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaç, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowamat-dowam bolsun!

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary