Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Türkmenistan – Türkiýe: söwda ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugry bilen

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmenistan – Türkiýe: söwda ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugry bilen” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary has işjeň häsiýete eýe bolýar. Dürli döwletler bilen özara bähbitli we deň hukukly hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýynyň hil taýdan täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär. Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary şanly ýylymyzyň möhüm syýasy wakalarynyň biri  boldy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly döwletiň Prezidenti bilen geçiren gepleşikleri türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejelere çykarylmagynda möhüm ädim boldy. 

Hormatly Prezidentimiz resmi saparynyň dowamynda Türkmen-türk işewürlik maslahatynda gatnaşyp şol ýerde çykyş edip, dostlukly döwlet bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Ýokary derejede geçirilen iki taraplaýyn gepleşikleriň dowamynda özara peýdaly we deň hukukly hyzmatdaşlygy dürli ugurlaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taryhy waka Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy diýip aýtdylar.

Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP