Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalarynyň her birine buýsanmak, şol şatlykly wakalary joşgunly wasp etmek, diýseň, ýakymly. Şeýle wakalaryň biri hem, ýakynda alym Arkadagymyzyň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry boldy. Islendik eser ýa-da şygyr, adamzadyň duýgusyna täsir edişi we ýüreginde orun alşy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanynda kürekläp ýüzen gämisi bu gün öz ömrüni Milli Liderimiziň ylham joşgunynda dowamat eýleýär. Sözünde gudrat hem-de özüne çekiji güýç bar diýilýän beýik ynsanlar Magtymguly Pyragydyr, Gahryman Arkadagymyzdyr. Alym Arkadagymyzyň ýazan her bir gymmatly eserini, ýa-da bolmasa, döreden şygryny okanyňda tolgunmazlyk, asla, mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň ylham çeşmesinden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusy hem halkymyzy, aýratynam, döredijilik işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary örän begendirdi. Täze goşgudaky parasada ýugrulan setirler akyldar şahyryň sarpasyny has-da belende göterýär. Aýdym bolup dünýä doljak bu şygyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny dabaralandyrýar.Türkmen edebiýatynyň hazyna gorunyň üstüni ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde özboluşly akym bar, göwünleri heýjana salýan ýakym bar. Milli Liderimiziň ylham çeşmesi biz — döredijilik işgärlerine joşgunly döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly itergi berýär diýip aýtdylar.

TSTP