Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Halk Maslahaty – döwletliligiň sütüni

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Ataýewiň önümçilik kärhanasynda “Halk Maslahaty – döwletliligiň sütüni” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň durmuşynda wajyp wakalaryň biriniň boljakdygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny mundan beýläk-de gowlandyrmak barada alnyp barylýan işler barada bellediler. Duşuşygy ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň abadan geljegi, bagtyýar durmuşy üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP