Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Eziz enäniň mähri siňen nepislik

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Sada türkmen” hususy kärhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajalaryny we olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi. Şöhratly geçmişimizden biziň günlerimize ýetip gelen el hünäri eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnipdir. Özünde ajaýyp bir dünýäni janlandyrýan, zenanlarymyzyň köňül ylhamynyň eserleri bolan el işleri gadymy hem müdimi gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar zenanlary gadymy ene-mamalarymyzdan galan nagyşly nusgalary hem bu günki günüň talabyna laýyklykda öz boluşly öwüşgin berip keşdeleýärler. Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda bu ugurda öz boluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan ajaýyp işler milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda durýar. Taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna guralan maslahat duşuşygynda türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň gadyr-gymmaty, ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, bu ýerde guralan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanýan iş guralyny gowşurandygy üçin türkmen gelin-gyzlarynyň adyndan hoşallyk sözleri aýdyldy.

TSTP