Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Ylymlar güni mynasybetli H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde talyplaryň arasynda “Ylymyň – bilimiň ösmegi ynamly geljege tarap aýdyň ýoldur” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýändigini nygtaldylar. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek, dünýä derejesine laýyklykda giňeltmek boýunça ýurdumyzda birnäçe işler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, täze üstünlikleriň gazanylmagyna, dünýä ylmynyň ösüşi bilen aýakdaş gitmegine ýardam berýär. Ylmyň batly gadamlary bilen öňe barýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Ylym ulgamyny döredilýän mümkinçilikler barada giňden çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP