2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär orta mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen, “Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlary höweslendirilýär” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Çykyşlarda edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesil hakyndaky köpugurly döwlet aladasy Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir diýip aýtdylar. Berkararlygyň rowaç menzillerini külterleýän eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan şeýle beýik işler her bir ildeşimizi, esasan hem, ýaş nesillerimiziň köňül guşuny ganatlandyrýar, ylym-bilim älemine düýpli aralaşmaga ruhlandyrýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP