Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy türkmen halkynyň beýik we synmaz sütünleridir

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy türkmen halkynyň beýik we synmaz sütünleridir” atly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — bu iki mukaddeslik halkymyzy parahat durmuşa, bagtyýar ýaşaýşa, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu gün bagtyýar türkmen halky ýaşyl Baýdagyň astynda yhlasly zähmet çekýär, gurýar we täze taryhyny döredýär. Baýdak her bir ýurduň resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşanydyr. Ol dünýädäki her halkyň ykbalyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik baradaky düşünjelerini bitewüleşdirýän gymmatlykdyr. Baýdakdaky reňkler, nagyşlar, şekiller her halkyň özüniň erkinlik hakyndaky düşünjelerini alamatlandyrýar. Ýurduň garaşsyzlygyny kepillendirýän esasy kanun Konstitusiýa bolup, ol döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär. Esasy kanunymyzyň türkmen jemgyýetinde agzybirligi we galkynyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Jemgyýetdäki tertip düzgün agzybirligiň, bagtyýarlygyň özenidir, esasy şertidir. Bu gün halkymyz esasy Kanunymyza daýanyp, Döwlet baýdagymyzyň astynda üçünji müň ýyllykda ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň hatyrasyna dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy ajaýyp goşa daragt bolup, halkymyzyň üstüne bagtyň hem abadançylygyň sahawatly saýasyny salýar. Hut şonuň üçin hem biziň mukaddes ýaşyl Baýdagymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz egsilmezdir. 18-nji maýda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen kämil kanunlara daýanýan mizemez döwleti döredip, külli türkmeni bagtyýar döwre ýetiren Hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Eziz Watana bolan beýik söýgi bilen Döwlet baýdagyny mukaddeslik hökmünde belentde göterip, bagta sary barýan ýollarymyz rowaç bolsun!

TSTP