Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: Täze kararnama

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň “Gerçek” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda “Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: Täze kararnama” atly maslahat geçirildi.

Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy BMG­niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen iki gezek ykrar edildi, merjen paýtagtymyzda BMG­niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Munuň özi halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýä ýaýylýandygynyň, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň milli ýörelgä hem­de halkara hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesine esaslanýan daşary syýasy ugry sebit hem­de dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine gönükdirilýär. Türkmenistanyň daşary syýasy ulgamynda alyp barýan medeni­ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýurtlaryň arasynda doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ygtybarly köprüsi bolup çykyş edýär. 

Eziz Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy barada taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

TSTP