Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDENTERBIÝE WE SPORT JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKDYR

    Şu...

  • ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI

    Ýakynda...

  • WATANYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA BELENDE GALÝAR

    Ýakynda...

  • IŞEWÜRLERIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GOŞANDY

    Şu gün...

  • BEÝIK IŞLER HALKARA DEREJEDE ULY ÄHMIÝETE EÝE BOLÝAR

    Şu gün...

Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşydyr

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçilere partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşydyr” atly maslahat geçirildi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny we daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň dünýäni haýrana goýýan ajaýyp işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik-beýik işleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP