Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň nobatdaky hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi.

Hasabat-saýlaw maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň başlygynyň hem-de derňew toparynyň hasabat çykyşlary diňlendi. Jemgyýetimiziň kämilleşmeginde jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda syýasy partiýalaryň  alyp barýan işiniň saldamlydygyny bellediler. “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi işi köptaraplaýyn alyp barmaga mümkinçilik döredilmegi. Jemgyýetçilik guramalary halkymyzyň ahlak gymmatlyklaryny adamlaryň aň-düşünjesine, kalbyna ornaşdyrmakda wagyz-nesihat işlerini guraýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir raýatynyň, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edýän uly tagallalaryndan ugur alyp, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhda terbiýelemekde, olara sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli wagyz-nesihat etmek şeýle-de ýaşlary telekeçilik işine höweslendirmek partiýa guramalarynyň hemişe üns merkezindedir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP