Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Türkmenistan – Russiýa: gatnaşyklaryň ýokary derejesi

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň agzalary bilen, “Türkmenistan – Russiýa: gatnaşyklaryň ýokary derejesi” atly maslahat geçirildi. 

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwletli işler, dost-doganlyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň öňe gidişlikleri, taryhy wakalar, şanly seneleri dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Çykyş edenleriň her biri ata Watanymyzyň at-abraýyny,  şan-şöhratyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşleri, taryhy geçmişi,  bagtyýar şu güni, aýdyň geljegi barada täsirli gürrüň edildi we şeýle ajaýyplyklar hakynda joşgunly sözler aýdyldy.

         Şeýle bagtyýar döwürde işlemäge ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

TSTP