Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda: hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda: hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyz Halkara gatnaşyklarynda hemişe ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň tarapdary bolup çykyş edýän, “Ösüş arkaly parahatçylyk!” diýen parasatly ýörelgäni öňe sürýän döwlet hökmünde äleme meşhur boldy. 29-njy iýunda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti hem ata Watanymyzyň hoşniýetlilige esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini, onuň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady düzümi bazar gatnaşyklaryna ýykgyn edýär. Biziň döwletimizde hem hususyýetçiligiň ösüşine, onuň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy ugrundaky goşandyna uly orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Hazar sebitinde işewürligi has-da ösdürmek ugrundaky takyk teklipleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr diýip belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza hususyýetçilere döredip berýän mümkinçilikleri we goldawlary üçin köp sag bolsun aýtdylar.

TSTP