Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

“Ömrümiň manysy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy  geçirildi. 

Çykyşlarda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen ýylymyzda Hormatly Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň elimize gowuşmagy, bütin halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Il arasynda  “Deňziň tagamyny bilmek üçin onuň bir damjasyny dadyp görmek ýeterlikdir” diýilýär.  Gahryman Arkadagymyzyň bu dürdäne  eseriniň ady eýýäm bize onuň näme hakda aýtjak bolýandygyny  aýan edýär.  Adam  ömrüniň manysy onuň ömür ýolunyň ädimme-ädim ölçenmesi dälmi, eýsem?! Bu kitaby okamak bilen biziň her birimiz bir zada göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ömrüniň  manyly  menzilleri bizi okamaga, işlemäge, döretmäge çagyrýar diýip belläp geçdiler. 

Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk hem ylhamy joşgunly, galamy ýiti bolmagyny, türkmen halkyny nurana ertirlere ataran eziz Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler. 

Hormatly Arkadagly Serdarymyza Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde il-ulsumyzyň abadan ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

TSTP