Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

Ýaş nesilleriň medeni mirasa hormaty

2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabyndaky tikin fabriginiň mejlisler jaýynda ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol ýörelgelerimiz, nesilden nesle geçip häzirki günlerde-de dowam etdirmek maksady bilen, “Ýaş nesilleriň medeni mirasa hormaty” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Çykyş edenler türkmen döwletiniň güllemegini halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyny döwlet işiniň baş maksadyna öwren Hormatly Prezidentimize ýaş nesilleriň ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolmagy baradaky çuňňur aladasy üçin ýürek hoşallygyny beýan etdiler. Ahlak taýdan päk, dogruçyl we ygrarly perzentler her bir maşgalanyň abraýy, Watanyň mertebesi saýylýar. Türkmen halkynyň baý milli mirasy bar. Bu uly baýlyk häzirki günde Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy öwrenmäge döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ylmy taýdan düýpli işler alynyp barylýar. Türkmen öz perzendiniň edepli-ekramly, maksada okgunly, bir sözli, tutanýerli, myhmansöýer, edenli, asylly bolup ýetişmegi üçin uly alada edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler adamkärçilik sypatlaryny, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär diýip belläp geçdiler.

       Çärä gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly-bilimli ýokary düşünjeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň  jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP