Ýakynda ýurdymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Alaýaz mekan» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda, «Dostlukly gatnaşyklaryň Mizemezligiň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasaty netijesinde, ýurdumyzda birnäçe daşary döwletler, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen bilelikde dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi sebit-ara we halkara guramalaryň çäklerinde täze görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şunuň ýaly belent abraý-mertebä eýe bolandygymyz bilen köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklara beslensin
TSTP