Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda-halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün döwletimiz ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek  arkaly uzak ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady durnuklylygyň berk binýadyny üpjün etmäge ugur alýar. Häzirki döwürde gurulýan her bir önümçilik desgasy sazlaşykly ösüşlere bat berýär, açylýan durmuş ugurly binalar şu günki we geljekki nesilleriň abadançylygyna hyzmat edýär. Garaşsyz Türkmenistanyň bu günki saýlap alan gurmak we döretmek ýoly berk ykdysady bähbitler bilen birlikde, çuňňur many-mazmuna eýedir diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzda gurmagyň, döretmegiň, abadançylygyň we ösüşiň belentliklerine alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

TSTP