Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Garaşsyz we Bitaraplyk parahatçylygyň ösüşiň hemde abadançylygyň mukaddes binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi bilen Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjeleri bir-biriniň özenini dolduryjy kuwwatly güýje öwrüldi. Bu bolsa Türkmenistany dünýä kartasynda parahatçylyk söýüjiligiň we durnuklylygyň merkezine öwürdi.

Geçen 35 ýylyň içinde ýurdumyz senagaty ösen, ykdysady taýdan öz-özüni üpjün edip bilýän we döwrebap şäherleri bolan kuwwatly döwlete öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdymyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri we ähli welaýatlarymyz döwrebap binagärlik nusgasy, ak mermerli binalary, ylym-bilim edaralary, hassahanalary we senagat toplumlary bilen gülleýär. Şeýle bagtyýar döwletde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi we täze tehnologiýalary özleşdirmegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Munuň özi bize garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.

Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

TSTP