Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Medeniýetim arşa galýar gün-günden

2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Eşretli kenar” hususy kärhanasynda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen, “Medeniýetim arşa galýar gün-günden” atly duşuşyk geçirildi.

Çykyşlarda: Berkarar döwletimizde Watanymyzyň her bir pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda, milli medeniýetimize, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, milliligimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň medeniýetini, mirasyny gaýtadan dikeltmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda-da ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ajaýyp zamanamyzda türkmen medeniýetiniň has-da güllemegi ugrunda sungat we medeniýet işgärleri tarapyndan ençeme işler alnyp barylýar. Şeýle-de dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP