Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy.

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar  we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyşlarda Täze döwür “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Täze taryhy döwrümiz, berkarar Watanymyzda her bir ýyl özboluşly döredijilik ruhy, sazlaşygy bilen gelýär. Ilki bilen, täze ýyla garaşylýan ajaýyp günlerde, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli milli Liderimiziň ýazan “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusy diňe bir halkymyza däl, tutuş adamzada döredijilik sowgady boldy. Çünki bu şygyrda umumadamzat ähmiýetli möhüm meseleleriň aýdyň çözgütleri salgy berilýär. Ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagy, berkidilmegi babatdaky çagyryş belentden ýaňlanýar. Onuň yzysüre, täze ýyly garşylaýan pursatlarymyzda hem hormatly Prezidentimiziň watançylyk söýgüsinden, ýiti zehininden dörän “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusy ýüreklere ylham paýlady. Ýaňy-ýakynda bolsa agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýene bir ajaýyp eserini “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabyny ýüze syldy. Diňe bir edebi eser, kitap ýazmak döredijiligi däl, milli Liderimiziň beýik geljegimizi gurmak ugrundaky döredijilikli başlangyçlary hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr diýip belläp geçdiler.

Dabara gatnaşanlar Halkymyza eşretli döwrany peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP