Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Döwletli Maslahat – döwrüň ýalkymy

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda   Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündürmek, wagyz etmek maksady bilen, “Döwletli Maslahat – döwrüň ýalkymy” atly maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde 2022-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biri bolar. Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna serediler bu işleriň alynyp barylmagy  Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP