Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek döwrümiziň baş maksady

2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek döwrümiziň baş maksady” atly duşuşyk geçirildi. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe                                          işleri  döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary giňden peýdalanmakda ýaşlary ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde  ýurdumyzda hususy pudakda alnyp barylýan özgertmelerde tehnologiýalaryň orny barada giňden belläp geçdiler.

Çykyş eden myhmanlar  maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP