2021-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljegi” atly maslahat geçirildi.
Bu maslahatda çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek we wagyz-nesihat etmek esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Türkmenistanda ýaşlara telekeçiligiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmek hem-de telekeçiligiň hususy başlangyçlar esasynda netijeli işlemegini kämilleşdirmek barada şeýle-de Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, esasy maksatlary we wezipeleri, esasy ugurlary barada giňden gürrüň etdiler. Olar öz çykyşynda ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşini geljekde has-da ýokarlandyrmak üçin ýaşlara telekeçilik işini, bu ulgamda döredilýän ýeňilliklerden peýdalanmagy, dünýäniň ösen döwletlerinde bu ugurda gazanylanlar bilen birlikde, türkmen telekeçileriniň toplan tejribelerini, ýaşlary telekeçilige çekmek, olara zerur bilim başarnyklary öwretmek barada belläp geçdiler. Ýurdumyzda agzybir, halal tutan ýerli we maksada okgunly işlemek hem-de ata-babalarymyzdan gelýän halallyk ýörelgelerini berkitmek, tertip-düzgünlerini, berjaý etmek barada giňden gürrüň etdiler we birnäçe maslahatlary berdiler.
Çykyş eden maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.
TSTP