Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dabaralanýar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki duşuşyklar, maslahatlar, forumlar we sergiler döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bilen baglylykda geçirilen çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň we halkara dialoga berýän ähmiýetiniň aýdyň beýany boldy. Şeýle çäreleriň netijesinde dürli ýurtlaryň wekilleri özara tejribe alyşmaga, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge we geljekde durmuşa geçiriljek taslamalar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa sebitde ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak we täze önümçilik mümkinçiliklerini döretmek üçin möhüm şert bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il - ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP