2021-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş sapary boýunça hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyşlarda: Bilşimiz ýaly, hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda Hormatly Prezidentimiz welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem, Döwlet baştutanymyz Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenilen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Mundan başga-da, şol gün welaýatymyzyň ilatyny begendiren şatlykly wakalaryň ýene-de birnäçesi bolup geçdi diýip belläp geçdiler. Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir günine ajaýyp zähmet üstünliklerine, toý-baýramlara besleýär. Garaşsyzlyk zamanasynda eşretli durmuşyň datly hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz dürli ulgamlarda, dürli pudaklarda ruhubelent zähmet çekip, güneşli Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Milli Liderimiziň Watanymyzy ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösmäge, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar, onuň halkara yzygiderli abraýy barha ýokarlanýar diýip maslahatda çykyş edenler aýtdylar. Çykyş edenler maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
TSTP