Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY: PARAHATÇYLYGYŇ WE AGZYBIRLIGIŇ BERK BINÝADY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçi M.Anzarowanyň önümçilik kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda «Halk Maslahaty: parahatçylygyň we agzybirligiň berk binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda Halk Maslahatynyň ýurdumyzda parahatçylygy, agzybirligi hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki binýatlyk orny barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar milliligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýan il-ýurt bähbitli kararlaryň we beýik özgerdişleriň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň soňunda gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar we parahat durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun we minnetdarlyk bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

TSTP