Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

BEDEW BATLY ŞAN-ŞÖHRATLY WATANYM

Şu gün Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda toýlar toýlara ulaşýan diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän taryhy mejlis bilen bir hatarda, ýurdumyzyň esasy baýramlarynyň biri bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna hem uly taýýarlyk bilen barylýandygy barada durlup geçildi. 

Çärä gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýurdumyzyň bedew batly ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. 

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak, dynç almak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP