Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Bakjaly» hususy kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan beýik üstünlikler, Garaşsyzlygymyzyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-jemgyýetçilik ösüşindäki taryhy ähmiýeti barada giňişleýin bellenilip geçildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada nygtaldy. Ýaşlaryň innowasion başlangyçlaryny goldamak, hususy pudagy ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan işler barada durlyp geçildi. Çäre gatnaşyjylarda uly buýsanç we ylham döredip, Watana bolan söýgini hem-de geljekki beýik maksatlara bolan ynamy has-da berkitdi. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzy beýik geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP