Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Beýik ösüşleriň we dabaralanmalaryň ýoly» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, geljege bolan ynamy berkidýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan we halkymyzy garaşsyzlygyň hem parahatçylygyň tugunyň astynda jebisleşdirýän baýramdyr. Bu şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilmegi halkymyzyň baý däplerini, ruhy gymmatlyklaryny, halkymyzyň agzybirligini we täze sepgitlere ymtylmagyny beýan edýär. 

Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyzyň parahatçylykly, durnukly hem-de abadan durmuşynyň berk binýadydygyny aýratyn belläp geçdiler. 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP