Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

ARKADAG ŞÄHERI – WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Täze aý önümleri» haryt nyşanly et we et  önümler önümçilik kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda Arkadag şäheriniň gurulup ulanylmaga berilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gurulup, ulanylmaga berilen Arkadag şäheri häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we döwrebap ösüşiniň dabaralanmasy bolup durýar. Ýurdumyzda bina edilen ilkinji «akylly» şäher hökmünde ol häzirki wagtda tutuş ýurdumyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şäher sanly ulgamyň ösen gazananlaryny we «akylly» tehnologiýalary dolulygyna özünde jemleýär. Ekologiýa talaplaryna doly jogap berýän bu şäher täsin binagärlik çözgütlerini we milli bezegleri özünde birleşdirýär. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu täsin şäher özboluşly desgalary, şol sanda türkmen halysynyň keşbini janlandyrýan gurluşy hem-de ahalteke bedewleriniň nusgasy bolan «Akhan» binasy bilen tapawutlanýar.  Bir söz bilen aýdylanda, «Geljegi şäheri» diýlip atlandyrylýan bu şäher tutuş halkymyz, aýratyn-da ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak şa serpaýdyr. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda şu günki hem geljekki nesiller üçin döredilýän bagtyýar durmuşyň nyşanydyr.

Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

TSTP