Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

RYSGAL – BEREKEDIŇ WE BOLÇULYGYŇ MEKANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Sakarçäge etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyk geçirildi. Alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşmak, olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, duşuşyk geçirildi. Duşuşykda öňdebaryjy zähmetkeşlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy. Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk işgärleri üçin döredip berýän ýeňilliklerinden, hemaýat-goldawlaryndan peýdalanyp zähmet çekýän pagtaçy kärendeçiler üstümizdäki ýylda pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirerler. Pagtaçylar şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň belleniljek ýylyny zähmet üstünlikleri bilen beslemegi maksat edinýärler. Türkmenistan Diýarymyzda babadaýhanlarymyz üçin halal zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler.

TSTP