Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ARKADAGYŇ ESERLERI GÖRELDE MEKDEBIDIR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýetinde, Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagyň eserleri görelde mekdebidir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserleri, ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup, okamak we öwrenmek üçin iň öňdebaryjy çeşme bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndaky pikirler, ýaşlaryň öz Watanlaryny söýmegi, milli mirasyny gorap saklamagy üçin täsirli ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Her bir täze çap bolan kitaplarda türkmen halkynyň we Watanymyzyň geljegi barada çuňňur pikirler jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eserleri ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip, olara görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan ähli kitaplary halkymyza, aýratyn hem biz ýaşlara üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

TSTP