Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademiklige saýlanylmagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy milli ylym ulgamynyň taryhynda möhüm waka boldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyrylyşynda, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda gazanan uly üstünlikleriniň ylmy jemgyýetçilik tarapyndan ýokary baha eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde kämil tehnologiýalardan baş çykarýan, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, başarnykly ýaşlary kemala getirmeklige hem aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň täze nesliniň ylmy işler bilen meşgullanmagy, aň-bilim, döredijilik başlangyçlaryny ösdürmek üçin oňaýly şertler döredilýär.
Milli ylym we bilim ulgamlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, beýik tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
TSTP