Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan «akylly» şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir. Bu ýerde milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Arkadag şäheri dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ägirt uly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklerini özünde jemleýär diýip buýsanç bilen bellediler.
Şeýle ajaýyp zamanada baky bagtyýar abadan durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP