Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Halal zähmet-bagtyýar durmuş

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda  Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň TNGIZ-niň medeniýet we sport bölüminiň mejlisler zalynda TSTP-nyň Balkan welaýat komitetiniň, TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, görkezmelerinden ugur alyp “Halal zähmet-bagtyýar durmuş”  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de ýaramaz endikleriň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada giňişleýin gürrüňler etdiler. Hormatly Prezidentimiziň şeýle ajaýyp zamanada döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýtdylar.

TSTP