Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI – DOSTLUGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ GÜNI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda zähmet çekýän partiýa agzalarynyň arasynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Ösüş-özgertmeli döwrümizde welosiped sportuna aýratyn üns berilmegi sportuň bu görnüşiniň meşhurlygynyň artmagyna täsir edýär. Diýarymyzda ekologiýa taýdan iň arassa ulag serişdesi hasaplanylýan welosipede sagdyn durmuşyň möhüm şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Dürli ýaşdaky we hünärdäki watandaşlarymyzy birleşdirýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli geçirilmeginiň däbe öwrülmegi has-da guwandyrýar.

Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygyny eýýam dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Mundan başga-da welosipedli gezelenç etmek ýadawlygy aýyrmaga mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde şeýle taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

Berkarar Watanymyzy sportuň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri has-da rowaçlyklara beslensin!

TSTP