Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

    Daşoguz...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ WATANÇYLYK WE AHLAK MEKDEBI

    Türkmenistanyň...

  • YLYM – BILIM BAGTYÝARLYGYŇ HEM-DE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

    Golaýda...

HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SAHYPASY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.   

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine daýanyp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary syýasatynda täze taslamalar ýokary derejeli saparlar we ikitaraplaýyn ylalaşyklar arkaly strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy açylýar. Dünýäniň ösen döwletleri we goňşy ýurtlar bilen alnyp barylýan  ýokary derejeli gepleşikler Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny görkezýär. Ýurt Baştutanlarynyň we resmi wekilleri özara saparlary strategik hyzmatdaşlygy täze has ýokary sepgitlere çykarýar. Dostlukly gatnaşyklaryň diňe bir ykdysady däl, eýsem ynsanperwer ugurlary hem pugtalandyrylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak, medeniýet günlerini gurnamak we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly halklaryň arasyndaky  dostluk köprüleri has-da berkidilýär.

Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzy halkara giňişliginde parahatçylygyň  we dostlugyň mekanyna öwüren  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys!

TSTP