Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY – TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ MIZEMEZ ESASLARY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda ilki bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, eziz watandaşlarymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär diýip belläp geçdiler. 

Türkmenistan döwletimiziň esasy kanunynda döwlet gurluşyny, raýatlaryň we adamlaryň hukuklary we azatlyklary, jemgyýetiň we döwletiň ykdysady binýady we strategiki ösüş ugurlarynyň ýörelgelerini berkidip taýsyz tagallalary amala aşyrýan, ýurdumyzy bedew bady bilen uly ösüşlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

TSTP