Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY WE ESASY KANUNY – BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJYDYR

    Şu gün...

  • HÜNÄR - YNSANYŇ BEZEGI

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY – TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ MIZEMEZ ESASLARY

    Türkmenistanyň...

  • MILLI GAHRYMANLARYMYZYŇ HORMATYNA

    Şu gün...

  • HÜNÄRLI ÝAŞLAR ÝURDUŇ GELJEGI

    Türkmenistanyň...

BEÝIK ÝEŇŞIŇ - MIZEMEZ HATYRASY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden bellenilýär. Döşi ordenli sag-salamat ojagyna dolanyp gelen Aýdogdy Amadyýew häzirki wagtda 109 ýaşynda, ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanyp otyr. Gürrüňini edýän gahrymanymyz — Mary etrabynyň Peşanaly obasynyň ýaşaýjysy Aýdogdy aga aýgytly söweşlere gatnaşyp, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşdy. Bu günki baýram gününde edermen gahrymanyň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimize bolan guwanjy has-da uly. Ol ýaş nesillere ata Watany, ene topragy, asuda asmanymyzy gözüň göreji deý goramalydygyny, söýmelidigini nygtaýar. Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Aýdogdy Amadyýewe gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Biz parahat asmanyň astynda ýaşap, döredip we gurup bilýändigimiz üçin şol gahrymanlara minnetdardyrys. Olaryň ady halkymyzyň ýüreginde ebedi ýaşar, bitiren beýik işleri bolsa geljekki nesilleri täze üstünliklere ruhlandyrar.

Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP