Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Wagyz-nesihat düşündiriş çäresi

2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasynyň Mary welaýat komiteti gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri barada düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Bu çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Esasy kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda  jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça uly işler alynyp barylýar. Ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmek jenaýatçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, tutuş jemgyýetiň tagallalarynyň wajypdygyny we bu ýagdaýlary sebäplerini içgin sazlaşykly işleri geçirmek zerurdyr. Biziň esasy maksadymyz yzygiderli ösýän, kämilleşýän asuda jemgyýeti kemala getirmekden ybaratdyr diýip aýtdylar. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP