Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – GARAŞSYZLYGYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Türkmenistanyň...

  • ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY WE ESASY KANUNY – BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJYDYR

    Şu gün...

  • HÜNÄR - YNSANYŇ BEZEGI

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY – TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ MIZEMEZ ESASLARY

    Türkmenistanyň...

BAŞ MAKSAT – SAGLYK, BAGTYÝARLYK, RÖWŞEN GELJEK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramagynda welaýat çagalar hassahanasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgeleri barada söz açylyp, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy, adam bedeniniň berkemeginde, ýaşlaryň çuňňur pikirlenmek, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygyny, çeýeligini ösdürýändigi, ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. 

Duşuşyga gatnaşanlar jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, sport-sagaldyş hereketiniň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP