Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ÇAGALARY GORAMAGA GÖNÜKDIRILEN DÖWLET SYÝASATY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň tarapyndan Telekeçi M.Anzarowanyň önümçilik kärhanasynda zähmet çekýän agzalarymyzyň arasynda wagyz-nesihat  çäresi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikler toplumy bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasydyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada hakyky atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň özi-de ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar geljegi barada durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň beýandyr. Bu gazna Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy Milli Liderimiziň nusgalyk hem manyly ömür ýolunyň halkymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny subut edýän hakykatdan nyşandyr. Gaznanyň ştab-kwartirasynyň Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerleşdirilmeginde hem aýratyn many bar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu köpugurly merkez haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen ilkinji merkezdir.

Ösüp gelýän ýaş nesiller — ajaýyp zamanamyzyň gül-gunçalaryna deňelýän mähriban körpelerimiz biziň ynam-arzuwlarymyzdyr. Şonuň üçinem watansöýüji, berk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda alnyp barylýan möhüm işler aýratyn many-mazmuna beslenýär. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalarynyň aýdyň netijesidir. Hut şeýle bolansoň bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşly sözleri asla egsilmeýär.

TSTP