Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

BEDEW BATLY DIÝARDA – ÖSÜŞLI MENZILLERE TARAP

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ajap önüm» hojalyk jemgyýetiniň zähmet çekýän partiýa agzalarynyň  arasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz,  baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly  at-myradyň mekany ýyly»  diýlip yglan  edilmegi mynasybetli  wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özüne mynasyp şygary bilen gelýän ýyllarynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ýeňişli menziller bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýyla gadam basan türkmen ili tutanýerli zähmet çekýär. Şu şowly gadamlar bedew ýylynyň rowaçlyga beslenjekdigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri has-da berkitmegi kepillendirýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakasy boljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçiler. Ýurdumyzyň işewürleri hem bu şanly toýa zähmet sowgatlary bilen bararlar. 

Duşuşyga gatnaşyjylar mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiler üçin döredilýän ähli goldaw-hemaýatlary üçin sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP