Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI.

2026-njy ýylyň 5-nji fewraly  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Baş bilim müdiriligi, Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnmagynda Mary şäheriniň 36-njy ortra mekdebinde “Türkmen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki        at-abraýy we şan-şöhraty barha belende göterilýär” atly                wagyz-nesihat çäresi  geçirildi.

Çykyşlarda  :  Golaýda, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden bedew janköýerlerini we sirk muşdaklaryny begendiren şatlykly habar gelip gowuşdy. Üstümizdäki ýylyň 16-25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda                    “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýýar. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli  at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo  şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň geçen ýyl  şeýle abraýly Halkara gözden geçirilişe gatnaşmagy, bu ýyl bolsa oňa toparyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylarynyň hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň bütin dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, bu topar   2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şeýle hem ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewleri barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalara jogap edip, türkmen atşynaslary öz öşlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýarlar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri hem ussatlyklaryny barha kämilleşdirýärler. Bu waka “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi diýip aýtdylar.

TSTP