Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

  • “TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY GORAMAGA WE OLARYŇ SAZLAŞYKLY ÖSÜŞINI ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN DÖWLET SYÝASATY DABARALANÝAR”

     ...

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti,    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň  Mary şäher Geňeşi, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda    Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyşlarda  Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, buýsançly pursatlara baý. Toýlary toýlara ulaşýan döwletli döwranymyzda ýene bir hoş habaryň şaýady bolduk. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän                                “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ähli watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň  bu kitaby üstümizdäki ýylda halkara derejesinde toýlanylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna baýramçylyk sowgady boldy. Bu ajaýyp kitap ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, agzybirlik ýaly                   ýol-ýörelgelerini çuňňur beýan edýär.

Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri barada söz açylýar. Elbetde, geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistan özüniň öz boluşly ösüş ýoluny saýlap aldy.

Bütin sebitde özüni ynsanperwer ýörelgeler bilen tanadan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy arşa galýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly bu günki gün dünýä üçin nusgalykdyr. Abaan, bagtyýar durmuşymyzyň kepilidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby  “Bitaraplyk — türkmen paýhasynda”, “Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap”, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi”, “Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy”, “Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi”, “Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasaty”, “XXI asyr: Türkmenistanyň geo syýasy we geo ykdysady strategiýasy”, “Parahatçylyk — türkmen siwilizasiýasynyň binýady”, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar” ýaly bölümlerden ybarat bolup, ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna, taryhyna baý, tutuş adamzat bähbitli örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Çuňňur filosofiýa ýugrulan bu kitap her bir okyjy üçin uly gymmatlykdyr.

Kitabyň bölümlerindäki özara arabaglanyşyk geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi baglanyşdyrýar. Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetli ýörelgelerimizi öňe sürýän döwletimiziň toýlary toýa ulaşsyn! Şeýle toýly günlerde biz hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyny ýüzümize sylýarys. Goý, halkymyzy çuňňur parasada ýugrulan ajaýyp kitaplary bilen begendirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy döwet galamy ýiti bolsun, ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!

TSTP