Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda partiýanyň agzalaryň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabaralara beslenýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk – baky abadançylyk» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döredijilikli zähmet çekýär. Ýyllary ýyllardan zyýada gelýän ajap eýýamymyzda Watanymyz ösüşli ýol bilen öňe barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljek uly toýuna şu günler ykjam taýýarlyk görülýär. Bu şanly wakanyň toý-dabarasy alyslara aşyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwlet Baştutanymyzyň döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge, parahatçylyk, ynanyşmak hem-de deň hukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan öňden görüjilikli daşary syýasaty «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarly ýylymyzda giňden dabaralanýar. Halkara ähmiýetli beýik başlangyçlary öňe sürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara at-abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň halkara ähmiýetli tagallalarda rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr. Bu bolsa taryhy wakalary bilen şöhratlanýan ýylymyzyň şanyna şan goşýar.
Dünýä we sebit abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP